Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministriň orunbasary A.Ataýew bilen «Huawei» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Sýu Haýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sanly bilim, emeli aň, maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar öň bellenilen hyzmatdaşlyk ugurlarynyň, şol sanda emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky başlangyçlaryň möhümdigini tassykladylar. «Huawei ICT Academy» maksatnamasynyň çäklerinde okuw, sertifikasiýa we tejribe mümkinçilikleriniň giňeldilmegi aýratyn bellenildi. Bu ulgam başlangyç, hünär (professional) we bilermen (ekspert) derejelerinde halkara derejesinde ykrar edilýän bilim we başarnyklary üpjün edýär. Duşuşykda halkara bäsleşiklere gatnaşmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we amaly ädimlere geçmek barada ylalaşdylar. Duşuşygyň netijesinde aşakdaky ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy: Halkara derejesinde ykrar edilýän sertifikatlary almak üçin synagy tabşyrmaga ygtyýar berýän wauçerlerini ýokary okuw mekdeplerine bermek mümkinçiligini öwrenmek; «Huawei ICT Academy» babatda hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasynda alyp barmak; Emeli aň boýunça öňdebaryjy okuw materiallaryny türkmen diline terjime etmek; Bilim maksatnamalaryny zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek; «Huawei ICT Academy» tarapyndan hödürlenilýän öňdebaryjy okuw kurslaryny ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ulanmak meselesini öwrenmek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir