Indoneziýanyň Günbatar Kalimantan ülkesiniň Sekadau okrugynda radarlardan ýiten «Airbus H130» dikuçary tapyldy, ondaky adamlaryň ählisi gurban boldy. Bu barada «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Indoneziýanyň Milli gözleg-halas ediş agentliginiň ýolbaşçysy Mohammad Sýafi dikuçaryň gür bagly baýyrlykda ýykylandygyny habar berdi, onda alty ýolagçy hem-de ekipažyň iki agzasy bar ekeni. Ýerli «Matthew Air Nusantara» awiakompaniýasynyň dikuçary 16-njy aprelde gündiz sebitdäki iki ilatly ýeriň arasynda gatnawy amala aşyrýarka, heläkçilige uçrapdyr. Asmana galandan birnäçe wagt soňra onuň bilen aragatnaşyk kesilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir