Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» äpet gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Döwlet Baştutanynyň 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, bu resminama ýurduň gaz pudagyny ösdürmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Gepleşikler Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa bolan saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek bilen, Döwlet Baştutany saparyň çäklerinde gaz pudagy boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny nygtady. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir