Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Wise-premýer B.Seýidowa syýahatçylyk forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumyň çäginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy tarapyndan okuw maslahatyny, “tegelek stoluň” başyndaky iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu çärä gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany «Turkmentravel – 2026» halkara sergisine we maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi hem-de geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.