Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen häzirki wagtda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary, pagtaçy babadaýhanlar üçin gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanyndan uly hormat bilen haýyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekiş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu möwsümiň pagtaçy babadaýhanlaryň öňünde örän uly wezipe bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurduň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly ýaşulylardan gowaça ekişine «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, ýurduň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir