20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça möhüm resminamalaryň taslamalary maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini giňeltmek, şeýle hem halkara guramalar we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň, halkara ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň, şeýle hem halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026–2028-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu taslamalar döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijelidigini belledi we bu çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Ol taýýarlanan resminamalary makullady we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna olaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir