Huawei kompaniýasy işjeň sowadyş ulgamy bilen üpjün edilen Mate 80 Wind Chaser Edition smartfonyny resmi taýdan görkezdi. Bu modeliň çykjagy geçen ýyldan bäri belli bolsa-da, ol 2025-nji ýylyň noýabrynda «Mate 80» seriýasy bilen bile çykar öýdülip garaşylypdy. Ýöne garaşylan çykman, satuw wagty yza süýşürildi. Indi bolsa kompaniýa täze smartfon üçin deslapky sargytlaryň 20-nji martdan başlanandygyny yglan etdi we onuň doly tehniki häsiýetnamalary bilen 23-nji martda tanyşdyrjakdygyna söz berdi. Daşyndan seredeniňde, «Wind Chaser Edition» adaty modelden sähel tapawutlanýar. Esasy üýtgeşme — kameranyň töweregindäki giň halkadyr. Şol halkanyň içindäki kiçijik deşijekler enjamyň içinde gurnalan sowadyjynyň işlemegine şert döredýär. «Smartfonda sowadyjy nämä gerek?» diýen soragy berjeklere «Enjamyň aşa gyzmazlygy, şeýle-de wideo ýa başga maksat bilen uzak wagtlyk ulanylanda agram görmän, durnukly işläp bilmegi üçin» diýip, jogap berip bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir