10-ÝYLLYK ondan bäri eýýäm on ýyl geçipdir, göwnüme bolmasa ýaňydy, ýaňy. gulagymda ýaňlanyp dur henizem, mekdep ýyllarymyň iň soňky jaňy. hawa, şondan soňra pytradyk gitdik, ýatladyp sülgüniň jüýjelerini. ondan bäri geçen günizlerimi, ondan bäri geçen gijelerimi: hatda geçip giden on ýyl döwrümem, ýadyma düşürip aňymda aýlap, hiç ýatlap bilemok täsin wakany, ykbalyň her niçik pursatyn saýlap. klasdaş oglanlarym, klasdaş gyzlarym, dürli garaýyşly, dürli gylykly. indi göz ýetirýän, indi düşünýän, mekdep ýyllarymyz neneň gyzykly. bar zat boldy ikiligem, bäşligem, has gülkünç ekeni kä gylygymyz. nädip undup bolar mekdep ýyllaryn, ol--biziň şadyýan çagalaygymyz!
10-ýyllyk
-
Tilkijik
13 years ago
- al sana medaljagaz
-
Auditor
13 years ago
- Túweleme patron, gaty gowy goshgy!
-
Chappi2011
13 years ago
- Tuweleme patron sagja bolaaaa men derrew bellap alayyn indiki yyl 10 yyllyk men shonda hokman okaryn bu goshgyny minnetdar
-
Kuraldyshy
13 years ago
- yaa,agzalar yatlatmayynda mekdebi.
-
Patron
13 years ago
- ýaaaa ýada düşse natjekdä, ýatlamaly bolýada
-
Kuraldyshy
13 years ago
- yatlasan yatlaber,yatlatmasan bolyar.gara makaron,hamyr gara buhanka bilen buz yaly suw yadyma dusya men
idealman 13 years ago- dost.25i.gecdi.uje))))bu.wagt.ekzamenlar.gidip.dur