Gyrgyzystanyň Ysykköl oblastynyň Ak-Suu raýonynda «Ala-Too Rezort» atly ägirt uly dag-lyža toplumynyň taslamasy durmuşa geçirilýär. Bu toplumyň her ýylda iki milliona çenli syýahatçyny kabul etmeklige mümkinçiligi bolar diýip, Sputnik Gyrgyzystan neşiri habar berýär. Gurluşygyň birinji tapgyrynda işler Žyrgalan, Boz-Uçuk we Ak-Bulak sebitlerinde alnyp barylýar. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow mundan ozal «Ala-Too Rezort» toplumyny halkara derejeli we ýylboýy işleýän kurorta öwürmegiň meýilleşdirilýändigini aýdypdy. Tebigy we emeli garyň utgaşdyrylmagy netijesinde, bu toplum ýylyň ýedi aýynda hyzmat edip biler. «Ala-Too Rezort» döwlet kärhanasynyň direktory Žarkynbek Maksutowyň sözlerine görä, şu ýylyň dekabr aýynda dag-lyža bazasyny we alty sany kanat ýoluny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu taslama Russiýanyň hyzmatdaşlary, şol sanda Altaýdaky «Manžerok» kurortynyň hünärmenleri hem gatnaşýarlar. Taslamanyň çäginde takmynan 250 kilometr lyža ýoluny çekmek, etno-oba, sagaldyş toplumlaryny we myhmanhana düzümlerini gurmak meýilleşdirilýär. Eýýäm bu ýerde 20 ýurtdan gelen türgenleriň gatnaşmagynda friraýd boýunça halkara ýaryşy hem geçirildi. Taslama ýolbaşçylarynyň berýän bahasyna görä, täze kurort Russiýadan, Ýewropadan, Hytaýdan we GDA ýurtlaryndan geljek syýahatçylaryň arasynda uly islegden peýdalanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir