Halkara şikaýatçylar topary Meta Platforms kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdiler. Olar amerikan kompaniýasyny WhatsApp messenjeriniň gizlinligi we howpsuzlygy babatda ulanyjylary aldawa salmakda aýyplaýarlar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. WhatsApp 2014-nji ýyldan bäri Meta kompaniýasyna degişlidir. 2016-njy ýylda messenjerde iki taraplaýyn şifrleme ulgamy ornaşdyryldy. Bu ulgamda hatlary diňe hat ýazyşýan taraplar okap bilýär we kompaniýanyň tassyklaýşy ýaly, hatlar platformanyň özüne-de elýeterli däl. Meta bu mehanizmiň ähli ýerde adaty tertipde işleýändigine güwä geçýär. San-Fransiskonyň okrug kazyýetine gelen şikaýat arzasynda Meta-nyň we WhatsApp-yň ulanyjylaryň gizlin görnüşli hatlarynyň tas ählisini diýen ýaly saklaýandygy, seljerýändigi we olara girip bilýändigi öňe sürülýär. Arzada bu maglumatlaryň şahsyýeti anyk bolmadyk habarçylaryň üsti bilen mälim bolandygy hem aýdylýar. Şikaýatçylaryň arasynda Awstraliýanyň, Braziliýanyň, Hindistanyň, Meksikanyň we Günorta Afrikanyň raýatlary bar. Olaryň bähbitlerini Quinn Emanuel Urquhart & Sullivan hem-de Keller Postman ýaly hukuk firmalarynyň aklawçylary gorap çykyş edýärler. Ýöne olar häzirlikçe bu iş barada hiç hili düşündiriş bermeýärler. Meta-nyň wekili Endi Stoun bolsa bu şikaýaty çynlakaý çemeleşmäge degişli diýip hasap etmeýändigini duýduryp, Bloomberg-e beren düşündirişinde: «WhatsApp ulanyjylarynyň hatlarynyň şifrlenmeýändigi baradaky öňe sürülýän islendik çaklama düýbünden ýalandyr we manysyzdyr. WhatsApp eýýäm on ýyl bäri Signal protokoly arkaly şifrlenýär. Bu kazyýet işi — hiç hili esasy bolmadyk çeper toslama» diýip belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir