Nature žurnalynda çap edilen täze ylmy iş taryhçylaryň Gizadaky Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy baradaky garaýyşlaryna täzeden seretmegine sebäp bolup biler. Gözleglerden gelip çykýan netijelere görä, bu ägirt desga gurlan wagtynda diňe bir daşky eňňitler däl, eýsem gurluşyň içinde gizlenen içki agramlyklar we bloklar ulgamy hem ulanylan bolmagy ähtimal. Nýu-Ýorkdaky Weill Cornell Medicine merkeziniň doktory Saýmon Andreas Şoýring daş bloklaryň ozal çaklanylyşyndan has çalt ýokary galdyrylandygyna ynanýar. Alymyň hasaplamalaryndan çen tutsaň, käbir pursatlarda bloklaryň galdyrylma tizligi minutda bir bloka çenli ýetipdir. Alymyň pikiriçe, munda işçi güýji däl-de, agramy 60 tonna ýetýän ägirt uly bloklary ýokary galdyrmak üçin çekiji güýç döredýän typýan agramlyklar esasy orun eýelän bolmaly. Şoýringiň çaklaýşy boýunça häzirki wagtda «Uly galereýa» we «Beýgelýän geçelge» diýlip atlandyrylýan ýerler, aslynda içki gyşyk eňňitler bolup hyzmat edipdir. Şol eňňitler arkaly agramlyklar aşak sypdyrylyp, desganyň beýleki bölegindäki ýük ýokary galdyrylypdyr. Alym «Uly galereýanyň» diwarlaryndaky dyrnaçaklan we sürtülen ýerleri hut şol agramlyklaryň köp gezekli hereketi bilen baglanyşdyrýar. Mundan başga-da, patyşanyň otagynyň öňündäki, ozallar gorag maksatly diýlip hasaplanan deslapky otag, Şoýringiň pikiriçe, galdyryjy mehanizmiň esasy iş nokady bolan bolmaly. Eger bu çaklama tassyklanylsa, piramidany mundan beýläk içinden daşyna tarap gurlan desga diýip hasap etmeli bolarys.