Sony kompaniýasy 2019-njy ýyldan bäri özüniň ilkinji täze winil aýtdyryjylaryny bildiriş etdi. Täze PS-LX3BT we PS-LX5BT modelleri ulanmakda ýönekeýligi bilen tapawutlanýar we hem simli, hem-de Bluetooth arkaly Hi-Res ses akymyny goldaýar. Iki model hem doly awtomatiki usulda işleýär. Bir düwmäni basmak arkaly plastinka aýlanyp başlaýar, tonarm bolsa (ses iňňesi ýerleşýän goly) awtomatiki ýagdaýda plastinkanyň üstüne düşýär. Aýdym tamamlanandan soň, tonarm öz asyl ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Tozandan goraýjy dury gapagy aýtdyryş wagtynda plastinkany synlamaga mümkinçilik berýär. Modellerde gurnalan fonsazlaýjy (phono equalizer) we liniýaly çykyşyň arasynda saýlamaga mümkinçilik berýän geçiriş bar. Şeýle hem ýazgylary sanly formata geçirmek üçin USB porty bar. «aptX Adaptive» kodeki arkaly 96 kGs we 24 bitlik ýokary çözgütli (Hi-Res) sesi simsiz geçirmegi goldaýar. PS-LX3BT täze başlaýanlar üçin niýetlenen bolup, 3,5 gramlyk magnit-elektrik ses datçigi we aýryp bolmaýan kabeller bilen üpjün edilen. PS-LX5BT-de bolsa has takyk 2 gramlyk kartriji, aýrylyp bolýan RCA kabelleri, rezin düşekli gara alýumin diski we galmagaly azaltmak üçin kämilleşdirilen elektronika bölekleri bar. Täze modeller 2026-njy ýylyň fewral we aprel aýlarynda satuwa çykarylar: PS-LX3BT takmynan 400 dollar; PS-LX5BT 500 dollar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir