Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlaryň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hem-de şu ýylda welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işlerini, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini talabalaýyk geçirmegi agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik derejede üpjün etmegiň, şeýle hem ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişiniň berk gözegçilikde saklanylmagy, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleriň görülmegi we beýleki işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen bagly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.