Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Týamuýun suw howdanyny göwrümini giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada upl.uz saýty habar berýär. Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde, Amyderýanyň ugrunda iri gidroenergetika desgasynyň biri bolan — Týamuýun gidrouzeli ýerleşýär. Gidrouzel 30 sany möhüm gidrotehniki desgalardan hem-de özara kanallar we şlýuzlar ulgamy arkaly baglanyşýan 4 sany Ruslowoýe, Soltansanjary, Gapara we Goşbulak suw howdanyndan ybaratdyr. Gidrouzel suwy esasan gyş-ýaz aýlarynda ýygnaýar we toplanan suw serişdelerini ekin meýdanlaryny suwarmak döwründe ulanýar. Berilýän maglumatlara görä, taslama bu strategik taýdan möhüm desganyň göwrümini goşmaça 1 milliard kub metr artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir