5-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer täze ýylda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we wise-premýere pudagy mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşini hem-de ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini aýratyn gözegçilikde saklamagy, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.