Red Bull Racing topary diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenen RB17 giperkarynyň gutarnykly suratlaryny görkezdi. Belli inžener Edrian Nýuiniň we Cosworth-dan hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen model jikme-jik işlenen kuzowa we mahsus interýere eýe boldy. 2024-nji ýylyň tomsunda görkezilen prototip bilen deňeşdirilende, täze awtoulag ösen aerodinamika bilen tapawutlanýar: öň bölegi üýtgedildi, doly yşyk diodly (LED) faralar oturdyldy, hereketlendirijiniň ýerleşýän böleginiň üstünde howa akymyny ugrukdyrýan «ýüzgüç» we täze howa ýygnaýjylar goşuldy. Şeýle-de, ykjam gapdal aýnalar we «dik» aýna arassalaýjy bar. Salonda fiziki düwmeleri bolan rul we birnäçe dolandyryş elementleri bilen minimalistik merkezi konsol ýerleşdirildi. Kokpit howpsuzlygy «Le-Manyň 24 sagady» ýaly çydamlylyk ýaryşlarynyň ülňülerine laýyk gelýär. Tehniki bölegine 1000 at güýjüni berýän we minutda 15 000 aýlaw edýän Cosworth-dan 4,5 litrlik V10 hereketlendirijisi girýär. Elektrik hereketlendirijisi hem goşmaça 200 at güýjüni berýär. Hereketlendirijiniň sesi McLaren MP4/15 bolidine görä sazlandy. Edrian Nýui geçen ýylyň güýzünde Aston Martin-e geçdi. Muňa garamazdan, ol geňeşçi hökmünde taslama gözegçilik etmegini dowam etdirýär. Müşderi giperkarlarynyň önümçiligi indiki ýazda başlar.