Amerikanyň ozalky Prezidenti Jo Baýden ýylda takmynan 417 müň ABŞ dollary möçberinde pensiýa alýar. Bu bolsa onuň Ak tamdaky prezidentlik döwründäki aýlygyndan hem ýokarydyr – diýip, The New York Post neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, bu möçber şol bir wagtyň özünde birnäçe döwlet tölegleriniň birleşmeginden emele gelýär. Bu ýagdaý Baýdeniň uzak ýyllara dowam eden syýasy karýerasy bilen baglanyşyklydyr. Ol ABŞ-da senator, wise-prezident we prezident wezipesinde işledi. Neşiriň belleýşi ýaly, Baýdeniň ýyllyk pensiýasy ähli amerikan prezidentleriniň arasynda rekord derejede ýokarydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir