Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1-nji dekabrdan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem 200 manatlyk täze polimer banknotyny dolanyşyga girizdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada polimer banknotlaryň esasy aýratynlyklary bilen tanyşdyrylýar. Merkezi Aziýada töleg serişdesi hökmünde ilkinji gezek Türkmenistanda dolanyşyga girizilen polimer banknotlar kämilleşdirilen gorag alamatlary, daşky täsirlere has ýokary çydamlylygy, ekologik taýdan amatlylygy ýaly birnäçe aýratynlyklary özünde jemleýär. Polimer banknotlaryň esasy aýratynlyklary hökmünde şu aşakdakylary görkezmek bolar: Daşarky täsirlere çydamlylygy. Örän ýylmanak we ýuka plastik material bolan polimer suwa, çyglylyga, ýyrtylmaga, hapalanmaga we köp ulanmaga çydamly hasaplanýar. Şeýle-de hapalary özüne siňdirmeýändigi sebäpli, banknotyň durkuna zeper ýetirmezden, ony aňsatlyk bilen arassalap bolýar. Uzak möhletliligi. Polimer banknotlar, kagyz banknotlar bilen deňeşdirilende, has berk bolup, azyndan iki ýarym esse uzak wagt hyzmat edýär. Goragynyň güýçlendirilendigi. Polimer banknotlarda aňyrsy görünýän penjireler, mikroýazgylar we reňkini üýtgedýän ýörite berkitmeler ýaly çylşyrymly howpsuzlyk aýratynlyklary has aňsatlyk bilen ýerleşdirip bolýar. Bu bolsa olaryň goraglylygyny ep-esli ýokarlandyrýar. Häzirki döwrüň innowasion tehnologiýalary banknotyň ýüzünde ýörite penjireler, optiki üýtgeýän şekiller ýaly dürli howpsuzlyk çärelerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Çykdajylaryň netijeliligi. Polimer banknotlary öndürmek üçin ilkibaşda kagyz banknotlara görä 15 — 20 göterim töweregi köp harajat edilýänem bolsa, uzak wagta hyzmat edýändigi sebäpli, ahyrky netijede ony emissiýa edýän döwletler üçin has amatly we netijeli hasaplanýar. Ekologik taýdan arassalygy. Polimer banknotlar öndürmek üçin az energiýa talap edýändigi we uzak wagtlap hyzmat edýändigi sebäpli, onuň umumy önümçilik çykdajylary az bolýar. Netijede, bu ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ulanylyşynyň aňsatlygy. Görüş ýagdaýy pes bolanlara ýa-da görmeýänlere banknotyň hümmetini bilmek üçin niýetlenen taktil elementleri goşup bolýar. Häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurdunda tutuşlaýyn we bölekleýin polimer banknotlar dolanyşykda hereket edýär. Gymmaty 1, 5 we 10 manat bolan modifisirlenen polimer banknotlaryň ýüz we arka taraplarynyň reňki, şekili öňki durkunda saklanyp, olaryň ählisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilen. Täze dolanyşyga girizilen, gymmaty 200 manat bolan polimer banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynyň şekilleri ýerleşdirilen. Gymmaty 200 manat bolan täze polimer banknotda dikligine üznüksiz aňyrsy görünýän penjire ýerleşdirilen we onuň gyralary altynsow ýalpyldawuk aýratynlyga eýe bolan boýag bilen haşamlanan. Banknota belli bir ýapgytda seredilende, penjiräniň daş-töweregindäki nagşyň ýalpyldaýandygyny görmek bolýar. Ýagtylyga garşy tutup seredilende, onuň ýüz we arka tarapyndaky nominal gymmatyny görkezýän sanlar özara utgaşyp, bütin şekili emele getirýär. Nominaly SPARK®Flow gorag alamaty görnüşinde we reňkini üýtgedýän ýörite boýagdan ýasalyp, banknota dürli ýapgytlarda seredilende, reňkini ýaşyl reňkden gök reňke üýtgedýär. Banknoty ýagtylyga garşy tutup seredilende, SPARK®Flow gorag alamatynyň merkezinde «Arkadag» binasynyň şekilini görüp bolýar. Aşaky çep böleginde ýerleşdirilen taktil nokatlar görüş ýagdaýy pes bolan adamlara banknotyň hümmetini bilmek üçin niýetlenen. Yzygiderli gaýtalanýan we ýönekeý çyzyk bolup görünýän «Türkmenistanyň Merkezi banky» diýen ýazgylary diňe ulaldyjy aýna arkaly okap bolýar. Banknotyň ýüz tarapynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi ýerleşdirilen. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň intaglio usulda ýerleşdirilen nyşanyny elläniňde, şekiliň digir-digir we güberçek görnüşdedigi duýulýar. Banknotyň ýüz tarapynda onuň çap edilen senesi, ýagny 2025 san belgisi ýerleşdirilen. Üznüksiz aňyrsy görünýän penjiräniň ýüzünde banknotyň ýüz we arka tarapynda optiki gorag çyzygy ýerleşdirilen. Çyzygyň ýokarky böleginde içinde iki sany sekizburçluk bolan SPOTLIGHT gorag alamaty ýerleşdirilip, banknota seredilýän ýapgytlyk üýtgedilende, olaryň garşylykly ugurlarda hereket edýändiklerini görmek bolýar. Çyzygyň merkezi böleginde «Arkadag» binasy, aşaky böleginde ýerleşdirilen sekizburçlugyň içinde bolsa kümüşsöw reňkde ýarymaý hem ýyldyzlar şekillendirilen. Polimer banknotlarda birnäçe gorag alamatlary ýerleşdirilen. Banknotlaryň hakykylygyna göz ýetirmek üçin azyndan bäş sany gorag alamatynyň barlanylmagy zerurdyr. Şübhe ýüze çykan ýagdaýynda, hakyky banknot bilen deňeşdirmek arkaly ýa-da özüňize ýakyn bank şahamçasyna ýüzlenmek bilen anyklamak maslahat berilýär. Ýurduň çäginde dolanyşykda bolan banknotlaryň we şaýy pullaryň resmileşdirilişi, hakykylyk alamatlary baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň www.cbt.tm resmi web saýtynda hem görmek bolýar. Makalada polimer banknotlaryň töleg serişdesi hökmünde gymmatyny saklamak, olary aýawly we uzak möhlete ulanmak üçin birnäçe zerurlyklara ünsi çekilýär. Hususan-da, polimer banknotlaryň deşilip ýa-da ýyrtylyp bilinýändigi sebäpli, stlepler bilen däl-de, kanselýar skrepkalaryny ulanmak arkaly birikdirmek; ütük, gyzdyryjy ýa-da guradyjy ýaly enjamlaryň ulanylmagynyň banknotlaryň eremegine sebäp bolup biljekdigi üçin olary aşa gyzgyn ýerde goýmazlyk maslahat berilýär. Türkmenistanyň çäginde bu täze banknotlar, eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işjeňligine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin ýüzündäki gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji we 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary ýurduň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar. Giňişleýin maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir