Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Belläp geçsek, Şweýsariýada prezident döwlet baştutany däldir: bu ýurduň Federal geňeşiniň (hökümetiniň) kollektiw ygtyýarlylygydyr. Prezidentlik wezipesini ýedi ministrden ybarat bolan hökümet agzalary bir kalendar ýyly möhlet bilen gezekli-gezegine eýeleýärler. Prezidentleriň her ýylky çalşygy ýurduň syýasatyna täsir etmeýär, sebäbi ähli esasy meseleler hökümetde bilelikde çözülýär, ýöne sesler deň bolan ýagdaýynda prezidentiň pikiri kesgitleýji bolup durýar. 66 ýaşly Gi Parmelen hökümetde sagçy-konserwatiw Şweýsar halk partiýasyna (ŞHP) wekilçilik edýär. Ol 1-nji ýanwardan wezipesine girişdi we 2026-njy ýylyň dowamynda prezidentlik ygtyýarlyklaryny ykdysadyýet ministri wezipesi bilen utgaşdyryp, bu wezipede işlär. Syýasatçy mundan ozal, 2021-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasynyň iň ýaýran döwründe hem prezident wezipesini eýeläpdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir