Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, köp sanly adam pidalarynyň we şikesleriň döremegine getiren pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi» diýlip, daşary syýasat edarasynyň beýanatynda bellenilýär. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, Täze ýyl gijesi Şweýsariýanyň meşhur Alp daglaryndaky dynç alyş merkezi bolan Krans-Montanadaky barda ýangyn ýüze çykdy. Ýurduň degişli edaralarynyň maglumatlaryna görä, ýangynda, takmynan, 40 adam pida boldy, ýene 115 adam agyr şikes aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir