Hytaýyň BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň jemi boýunça Tesla-dan öňe geçip, dünýäde iň uly elektromobil satyjysy boldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar. BYD-yň 1-nji ýanwardaky hasabatyna görä, kompaniýanyň ýyllyk satuwy tas 28% ýokarlanyp, 2,26 mln birlige ýetdi. 2-nji ýanwarda hasabat beren Tesla bolsa bary-ýogy 1,64 mln elektromobil satmagy başardy. Ilon Maskyň kompaniýasy üçin bu yzygider ikinji ýyl pese gaçyşdyr – üpjünçilik 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 8% azaldy. Dördünji çärýek hasam şowsuz boldy: netijeler geçen ýylkydan 16% pes boldy. Ýeri gelende ýatlap geçsek, 2011-nji ýylyň oktýabrynda Mask Bloomberg TV teleýaýlymyna interwýu beripdi. Şol söhbetdeşlikde Mask bäsdeş hökmünde BYD baradaky soraga gülüp, «Men olaryň, hakykatdanam, gowy önümi bardyr diýip pikir edemok» diýip jogap beripdi. Birnäçe ýyldan soň BYD-yň elýeterlilige, hususy akkumulýatorlara we bäsdeşlige ukyply bahalara esaslanan strategiýasy hytaý kompaniýasyny öňdäki hatara çykardy. Häzir awtoöndüriji Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryny işjeň eýelemegi dowam etdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir