Täze – 2026-njy ýyl diplomatiýa hem-de parahatçylyk döredijilik ýyly bolmalydyr diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň haýyr-sahawat meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer beýanat berdi. Onuň sözlerine görä, soňky aýlarda halkara durmuşynda diplomatik işjeňligiň ýokarlanmagy hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, Fletçer mätäçlik çekýän adamlaryň sanyny azaltmakda parahatçylyk döredijilik işi örän uly ýardam edip biler diýdi. Ol: «Bize, hakykatdanam, 2026-njy ýyly diplomatiýanyň we parahatçylyk döredijiligiň ýylyna öwürmek gerek. Biz diplomatiýany ulanyp, tutuş dünýäni gurşap alan gapma-garşylyklaryň soňuna nokat goýjakdygymyzy subut etmelidiris» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.