Döwletliler köşgünde Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri baýramçylyk bilen gutlamaga Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň lybasyndaky çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde berkarar Watanymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, aň-paýhas taýdan sazlaşykly ösen nesli kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilimleri däl, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu ýerde olar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolan “Joşgun” tans topary-da bar. Ýaşajyk türkmenistanlylar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Dabaranyň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde owadan arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýtdylar.