Germaniýanyň Gelzenkirhen şäherindäki Sparkasse bankynyň ammaryndan 100 mln ýewrolyk gymmatly zatlar ogurlandy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bild habar berýär. Ogurlyk barada 29-njy dekabrda belli boldy. Bankyň şahamçasy şol gün Roždestwo baýramy sebäpli ýapykdy. Deslapky maglumatlara görä, ogrular binanyň içine gapdalda ýerleşýän awtoulag duralgasyndan diwary deşmek arkaly giripdir. Olar tas 3200 seýf gutusyny açyp, olaryň içindäki zatlary: pullary, altynlary we beýleki gymmatly zatlary ogurlapdyr. Ilkibaşda KHBS-de ýitginiň 30 mln ýewro barabardygy aýdyldy. Ýöne soň hakyky mukdaryň ep-esli ýokary bolup biljekdigi habar berildi. Ýitgini takyk hasaplamak entek mümkin däl, çünki gutularyň içinde nämäniň bardygy, köplenç, diňe olaryň eýelerine belli bolýar. Jenaýatkärleriň hereketi netijesinde 2,5 müňden gowrak müşderi zyýan çekdi. Ogurlykdan soň polisiýa bu iş bilen bagly onlarça habar aldy. Şol bir wagtyň özünde, hukuk goraýjy edaralar häzirki wagtda ogrulary tapmaga kömek edip biljek «ýekeje-de düýpli tutarlygyň» ýokdugyny aýdýar. Bolup geçen waka eýýäm Germaniýanyň taryhynda iň uly ogurlyklaryň biri diýlip atlandyrylýar. Gelzenkirhen Frankfurtdan, takmynan, 192 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Frankfurt Germaniýanyň we Ýewropanyň maliýe merkezi bolup, bu ýerde Ýewropa merkezi banky ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir