Hytaý alymlary dünýäde iň gadymy programmirlenýän mehanizmi tapandyklaryny aýtdy. Ol ýaşy, takmynan, 2000 ýyl bolan ýüpek matalar üçin dokma stanogy boldy. Häzire çenli şeýle enjam astronomiýa üçin ulanylan Antikitera mehanizmi hasaplanypdy diýip, South China Morning Post habar berýär. Dokma stanogy 2012-nji ýylda Çendu şäherinde metro gurluşygy wagtynda tapyldy. Hytaýyň ylym we tehnologiýa assosiasiýasynyň (CAST) maglumatlaryna görä, ol b.e.öň 150-nji ýyl bilen senelenýär. Bellenilişi ýaly, enjam çylşyrymly nagyşly ýüpek matalary döretmek üçin ulanylypdyr we algoritmik logikanyň esasynda işläpdir. Stanogyň işleýşini häzirki programmirleme bilen deňeşdirip bolýar: bambuk taýaklary we çitimler ulgamy şablon hökmünde çykyş edip, sapaklaryň ýokary galmagyny we aşak düşmegini awtomatizirleýär. Bu ulgamda sapak iki ýagdaýda bolup bilýär, bu hem perfokartlaryň iş logikasyna laýyk gelýär. HHR-den hünärmenler bu tehnologiýanyň Ýüpek ýolunyň ugry bilen ýaýrandygyny we 12-nji asyra çenli Ýewropa ýetendigini nygtaýar. Bu 1804-nji ýylda awtomatik programmirlenýän stanogy hödürlän Žozef Mari Žakkaryň oýlap tapyşyndan has ir dörändir. CAST-yň bilermenleriniň gelen netijelerine görä, hytaý mehanizmi grek Antikitera enjamyndan 50 ýyl gadymydyr. Assosiasiýanyň wekilleri sapak dolandyryş usulynyň algoritmler barada esasy düşünjeleriň emele gelmegine ýardam edendigini belleýär. Bu taryhy tejribe XX asyrda hasaplaýyş tehnikasynyň ösüşine, 1946-njy ýylda umumy maksatly ilkinji elektron kompýuter ENIAC-yň döredilmegine-de gytaklaýyn täsir eden bolmaly.