NASA şu ýylyň fewralynda Artemis II missiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu 1972-nji ýyldan bäri Ýere golaý orbitadan daşary ilkinji ekipažly uçuş bolar. Dört astronawt Aýyň daşyndan aýlanyp, gonmazdan Ýere gaýdyp geler. Geljekki missiýanyň ekipažyna NASA-nyň astronawtlary Rid Waýzman, Wiktor Glower we Kristina Koh, şeýle-de Kanadanyň kosmos agentliginiň wekili Jeremi Hansen girer. Uçuş uzakdaky kosmosda Orion gämisini we onuň ulgamlaryny barlamagy maksat edinýär. Missiýanyň ýoly hatda hereketlendiriji işlemegini bes eden halatynda-da ekipaž Ýere dolanyp biler ýaly ýagdaýda kesgitlendi. Aýa iň ýakyn aralyga ýetilenden soň, Ýer bilen aragatnaşyk, takmynan, 45 minutlap kesiler. «Tutuş dünýä – 8 milliard adam… bilelikde ýygnanyp, biziň signaly dikeltmegimize umyt edip, dileg etse, men örän begenerdim» - diýip, Glower aýdýar. Missiýa ylmy gözlegleri geçirmegi-de göz öňünde tutýar: astronawtlar öz kognitiw başarnyklaryna, ukusyna, stress derejesine, immun jogabyna we ýürek-damar saglygyna baha berer. Şeýle-de, adam organlarynyň dokumalary bilen bagly tejribeler, foto-düşüriş we Aýyň üstüniň geologik aýratynlyklaryny seljermek meýilleşdirilýär. Aýyň geologiýasynyň öwrenilmegi geljekki gonuşlara has gowy taýýarlanmaga kömek eder. Uçuş Orion gämisi bilen Space Launch System (SLS) raketasynda amala aşyrylar. Kosmos gämisi, takmynan, 385 400 km geçip, HKS-den has ýokary radiasiýa derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolar. Aýratyn üns Orion-yň ýylylykdan goraýan ekranyna gönükdirilýär. 2022-nji ýylda Artemis I-iň synag uçuşy wagtynda ekrana zeper ýetipdi. Şondan soň NASA meseläni aradan aýyrmak boýunça iş alyp bardy.