Samsung iki sany täze gurluşyny – Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini hödürledi. Olaryň ikisi-de öňki modeller bilen deňeşdirilende kämilleşdirildi. Galaxy A17 5G smartfony Full HD+ durulygy we 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekranyna eýe boldy. 13 Mp frontal kamera damja görnüşli deşikde ýerleşdirildi. Yzynda üçli kamera oturdyldy: optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp esasy modul, 5 Mp ultra giňburçly kamera we 2 Mp makrosensor. Smartfon 4 GB operatiw we 128 GB hemişelik ýat bilen Exynos 1330 prosessorynda işleýär. 5000 mA/sag sygymly akkumulýator 25 Wt çenli çalt zarýad alşy goldaýar. Şeýle-de, smartfona Google-yň Circle to Search funksiýasy goşuldy. Galaxy Tab A11+ planşeti 1920 × 1200 piksel durulyk we 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen 11 dýuýmlyk suwuk kristal displeýi bilen üpjün edildi. Planşetde 5 Mp frontal we 8 Mp esasy kamera bar. Gurluş MediaTek Dimensity 7300 prosessoryna, 6 ýa-da 8 GB operatiw we 128 ýa-da 256 GB hemişelik ýada eýe boldy. Awtonomlyga 25 Wt çenli zarýad goldawy bilen 7040 mA/sag akkumulýator jogap berýär. Wi-Fi we 5G bolan wersiýalar hem göz öňünde tutuldy. Galaxy A17 5G-niň bahasy 200 dollar. Wi-Fi bolan Galaxy Tab A11+ planşetiniň bahasy bolsa 250 dollar.