OpenAI audiomodel işine ünsi gönükdirip, ses arkaly işleýän şahsy enjamy döretmegi göz öňünde tutýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa gözlegçileri, inženerleri we önüm menejerlerini bir topara birikdirdi diýip, The Information habar berýär. OpenAI-iň täze audiomodeli tebigy görnüşde söhbetdeşligi alyp barmak, sözleýşiň arasynyň bölünmegine düşünmek we söhbetdeş bilen bir wagtda jogap bermek ukybyna eýe bolar. Kompaniýa entek enjamyň nähili boljakdygy babatda gutarnykly netijä gelmedi, ýöne äýnekleri ýa-da ekransyz akylly kolonkalary öz içine alyp biljek gajetler hataryny döretmek mümkinçiligini öwrenýär. Işe Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw çekildi. Ol ulanyjynyň ekrana garaşlylygyny azaldýan enjam formatyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bazardaky häzirki tendensiýalar ses tehnologiýalaryna gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär. Mysal üçin, Meta galmagally gurşawda eşidişi gowulandyrmak üçin Ray-Ban äýnegine bäş mikrofondan ybarat ulgamy oturtdy. Google gözleg netijelerini sesli aýtmak üçin Audio Overviews funksiýasyny synagdan geçirýär, Tesla bolsa nawigasiýany, howany we beýleki funksiýalary ses arkaly dolandyrmak üçin Grok çat-botuny ornaşdyrýar. Bu ugurda startaplar hem işjeň iş alyp barýar. Humane AI Pin-iň işläp düzüjileri ekransyz gajet hödürledi, Friend AI kompaniýasy bolsa wirtual aragatnaşyk üçin kulon-diktofon çykardy. Sandbar startapy we Pebble-iň esaslandyryjysy Erik Mikigowskiniň taslamasy 2026-njy ýylda ses dolandyryşy bilen akylly ýüzükleri hödürlemegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir