«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy 1,2 mlrd tomaşa görkezijisinden geçip, Netflix-iň taryhynda iň köp tomaşa edilen taslama boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 26-njy noýabrda görkezilip başlanan we 31-nji dekabrda tamamlanan bäşinji (jemleýji) möwsüm rekord netijeleri görkezdi. Ilkinji 25 günde täze bölümlere 102,6 mln gezek tomaşa edildi. Serial statistikanyň ýöredilýän 93 ýurdunyň 90-ysynda Netflix-iň iň meşhur taslamasy boldy. Mundan başga-da, bu bir wagtda bäş möwsüminiň ählisi global top-10-da saklanan ilkinji serial boldy. 2022-nji ýylda çykan dördünji möwsüm häzirem Netflix-iň iňlis dilindäki iň meşhur taslamalarynyň arasynda ikinji orny eýeleýär. Şeýle-de, «Gaty geň zatlar» köpçülikleýin medeniýete uly täsir etdi. Serial geçen onýyllyklaryň aýdym-sazyna ünsi çekdi: ilkinji gezek dördünji möwsümde ýaňlanan Keýt Buşuň «Running Up That Hill» aýdymy şondan soň ABŞ-da iň meşhur aýdym-sazlaryň onlugyna girdi. Mundan başga-da, Eggo waflisiniň satuwy we Dungeons & Dragons stol oýnunyň meşhurlygy artdy. Serialyň önümçiligi ABŞ-da 8 müňden gowrak iş ornuny üpjün edip, milli JIÖ-e 1,4 mlrd dollar goşdy. Iki sagatlyk ahyrky bölüm Täze ýylyň öňüsyrasynda çykdy we uly gyzyklanma döretdi. Premýera wagty dünýädäki ulanyjylaryň köpüsi tehniki bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz boldy.