Meşhur «Moana» multfilminiň çeper film görnüşindäki oýun remeýkiniň surata düşürilişi doly tamamlandy. Bu barada filmde Maui ýarym hudaýyň keşbini janlandyrýan aktýor Dueýn Jonson habar berdi. Filmiň taýýarlyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy. Režissýor hökmünde Tomas Keýl çykyş etdi, baş keşbi bolsa ýaş aktrisa Ketrin Laga janlandyrdy. Döredijiler ýordumyň jikme-jikliklerini häzirlikçe açmaýarlar. Emma täze wersiýa asyl multfilmdäki ýaly esasy gahrymanlary we wakalary saklamak bilen, çeper film görnüşinde täzeden gürrüň beriljekdigi mälim edildi. Filmiň ilkinji görkezilişiniň 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda bolmagyna garaşylýar. «Moana» asylky multfilmi 2016-njy ýylyň noýabr aýynda çykypdy we “Oskar” baýragyna iň gowy doly metražly animasiýa filmi we filmiň iň gowy aýdymy ugry boýunça dalaşgär görkezilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir