Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar. Programma 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan Täze Günorta Uelsde, Günorta-Gündogar Kwinslendde we Günorta Awstraliýada başlar. Energetika kompaniýalary Günüň iň işjeň wagtynda öndürilen artykmaç energiýany paýlaşarlar. Bu bolsa öý hojalyklarynyň elektrik energiýasy üçin töleglerini azaltmaga kömek eder. Maksat – agşamky sarp edilişiň ýokary derejesini azaltmak we energiýa köp talap edýän işleri (meselem, kir ýuwmak ýa-da kondisioneri işletmek) gündiz wagtyna geçirmek. Programma gatnaşmak üçin diňe “akylly” tok hasaplaýjy gerek. Taslama üstünlikli bolsa, maksatnama 2027-nji ýyldan başlap, tutuş Awstraliýada ornaşdyrylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir