Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar. 2-nji ýerde Hindistan durýar — bu ýerde ýaşaýjylar 352 sagat okap, ortaça 16 kitap okaýarlar. 3-nji ýerde Beýik Britaniýa, onuň yzysüre Fransiýa we Italiýa gelýär. Fransuzlar ýylda takmynan 305 sagat, italýanlar bolsa 278 sagat kitap okaýarlar. Russiýa reýtingde 6-njy orny eýeledi — olar ýylda ortaça 11 kitap okap, bu endige 223 sagat sarp edýärler. Reýtingiň iň aşaky böleginde bolsa Afgansitan ýerleşýär — bu ýerde bir ýylyň dowamynda ortaça diňe 3 kitap okalýar. Şeýle-de Bruneýiň, Pakistanyň, Saud Arabystanynyň we BAE-niň ýaşaýjylary kitap okamakda iň pes görkezijä eýe ýurtlaryň hataryna girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir