Samsung ilkinji gezek geljekki Galaxy S26 smartfon hatary barada gürrüň berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerine bagyşlanan maslahatda resmi maglumatlar bilen paýlaşdy. Indiki smartfon hatary has kuwwatly prosessora, kämilleşdirilen emeli aňa we täze kameralara eýe bolar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, 2026-njy ýylda Samsung ýokary flagmanlaryň esasy boljak Exynos prosessorynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak isleýär. Galaxy S26 we S26 Plus modelleriniň öňki nesil bilen deňeşdirilende ýokary öndürijiligi görkezen täze Exynos 2600 prosessorynda işlemegine garaşylýar. Hatda Galaxy S26 Ultra hem köp bazarlarda bu prosessory alar, emma ABŞ, Hytaý we Ýaponiýa üçin ol Snapdragon 8 Elite Gen 5 bilen üpjün ediler diýlip çak edilýär. Kompaniýa Galaxy S26 hatarynyň “täze nesliň emeli aňynyň netijesinde ulanyjy tejribesinde rewolýusiýa geçirjekdigini” belleýär. Kämilleşdirme günüňi meýilnamalaşdyrmakdan we tekst terjimesinden başlap, sosial ulgamlara girmek ýaly gündelik ulanylýan funksiýalara täsir eder. Şeýle-de, EA-nyň kömegi bilen syn ediş burçuny sazlap, ekrany diňe eýesi üçin görünýän edip biljek täze Flex Magic Pixel displeý tehnologiýasy barada habar berilýär. Kompaniýa täze kameralaryň boljakdygyny hem tassyklady, ýöne maglumat bermedi. Insaýderleriň aýtmagyna görä, esasy model uly 50 Mp sensora eýe bolar, Ultra wersiýasy bolsa 200 Mp esasy kamerany we kämilleşdirilen awtofokus modulyny saklap galar. Samsung Galaxy S26 hatarynyň premýerasynyň 2026-njy ýylyň başynda bolmagyna garaşylýar. Ol Las-Wegasdaky CES we Barselonadaky Mobile World Congress sergileriniň aralygynda geçirilip bilner.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir