2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Bu barada TDH habar berýär. Dabara Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Döwlet Baştutany ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. "Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer" diýip, döwlet Baştutany nygtady we ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini belledi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir