Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän bu forum iki gün dowam eder. Sergide kompaniýalar gurluşyk we senagat pudagyklarynda gazanylan iň täze tehnologik çözgütleri we enjamlary görkezerler. Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak, gurluşyk, senagat toplumynyň pudaklaryny, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiligini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. "Awazada geçirilýän bu möhüm çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga hem-de durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, toplumyň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi, häzirki zaman bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary hem-de beýleki binalardyr desgalar guruldy. Olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. "Bu serginiň we maslahatyň türkmen hünärmenlerimiz bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir