Meşhur Call of Duty oýun seriýasyna esaslanýan täze filmi “Diri galan” («Уцелевший») we “Henkok” («Хэнкок») filmleriniň režissýory Piter Berg surata düşürer. Bu barada Deadline neşiri ýazýar. Taslama şeýle hem “Ýelloustoun” serialynyň awtory, ssenariçi we prodýuser Teýlor Şeridan gatnaşar. Şeridan we Berg filmiň ssenarisini bilelikde ýazyp, prodýuserler toparyna ýolbaşçylyk ederler. Berg goşmaça baş režissýor hökmünde çykyş eder. Mundan ozal olar “Näçä durýanam bolsa” («Любой ценой») we “Däli derýa” («Ветреная река») filmlerinde hem hyzmatdaşlyk edipdiler. Täze ekranlaşdyrma özbaşdak blokbaster hökmünde çykyş edip, oýnuň harby ruhuny we giň gerimli haýbatyny doly derejede açmagy maksat edinýär. Call of Duty — ABŞ-da iň meşhur we täsirli wideo oýun seriýalarynyň biri. 16 ýyldan gowrak wagt bäri oýun dünýäniň iň köp satylan franşizalarynyň hatarynda durýar — umumy satuw mukdary 500 million nusgadan geçdi. Seriýanyň ilkinji bölümi 2003-nji ýylda çykyp, Ikinji jahan urşunyň wakalaryna bagyşlanypdy. Soňraky oýunlar bolsa häzirki zaman uruşlaryny we hatda geljekdäki tehnologik garşylyklary hem öz içine alýar. Täze film oýnuň azaby, atmosferasy we söweş depginini ekrana doly göçürmegi wada edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir