Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby Luçano Spallettiniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli hereket eder. Ozal žurnalist Nikolo Skira Spallettiniň zähmet hakynyň ýylda 3 mln ýewro boljakdygyny habar berdi. Ol bu wezipede duşenbe güni ýeňişsiz sekiz oýundan soň işden çykarylan Igor Tudory çalyşdy. Häzirki wagtda “Ýuwentus” Seriýa A-nyň ýaryş jedwelinde ýedinji orny eýeleýär. Spalletti 66 ýaşynda. Ol 8-nji iýunda Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Öň, ol “Empoli”, “Sampdoriýa”, “Udineze”, “Ankona”, “Roma”, “Zenit”, “Inter” we “Napoli” klublarynda işledi. Neapollylar bilen bilelikde 2022/23 möwsüminde Italiýanyň çempiony boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir