15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda himiýa senagatynyň ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.