Ford Motor kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek öz kolleksiýasyndaky awtomobilleriň birini satmak kararyna geldi. 18-nji oktýabrda geçiriljek Barrett-Jackson auksionyna 2006-njy ýylyň 3-nji belgili Ford GT Heritage Edition modeli çykarylar. Awtomobil ätiýaçlyk bahasy bolmazdan satylar. Bu onuň iň ýokary mukdary hödürlän müşderä beriljekdigini aňladýar. Awtoulag köpçülik üçin çykarylan iň irki Heritage nusgasydyr, şonuň üçin oňa gyzyklanmanyň ýokary bolmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, alnan serişdeler Ford Heritage Fleet kolleksiýasyndaky beýleki awtomobilleri dikeltmäge we hyzmat etmäge, şeýle-de Beýik Britaniýada GT ýaryş kolleksiýasyny indiki ýyl “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmak üçin taýýarlamaga gönükdiriler. Häzir Ford Heritage Fleet kolleksiýasynda 500 töweregi awtomobil bolup, olardan 175-isi kompaniýanyň Miçigan-awenýudaky ştab-kwartirasynyň uly garažynda saklanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir