Täze ylmy barlaglaryň maglumatlaryna görä, planeta klimat üýtgemeleriniň “yzyna gaýtaryp bolmajak ilkinji sepgitden” geçdi. Ummanlaryň gyzmagy tas milliard adamyň durmuşyny kesgitleýän merjen rifleriň köpçülikleýin ölmegine getirdi diýlip, Science News žurnalynda neşir edilen hasabatda aýdylýar. Ylmy barlagyň awtorlary global ýylamany 1,5 gradus derejesinde saklamak başartsa-da, tropiki merjenleriň indi gaýtadan dikelip bilmejekdigini belleýär. Bu planetanyň bir bölegi öz ekoulgamynyň möhüm elementini hemişelik ýitirdi diýmekdir. Hünärmenler munuň adamzadyň häzirki günde duçar bolan iň düýpli ekologiki ýitgileriniň biridigini aýdýar. Ekseter uniwersitetinden geograf Stiw Smit eýýäm 2030-njy ýyla çenli 1,5 gradus çäkden geçilip bilinjekdigini aýtdy. Şondan soň Ýeriň klimat ulgamy üýtgemeleriň öz-özüni güýçlendirip başlajak döwrüne girip biler. Bu “yzyna gaýtaryp bolmajak serhetler” domino ýalydyr: bir waka beýlekini yzyna tirkeýär, netijede ekoulgamlaryň weýran bolmak prosesi üznüksiz bolýar. Alymlar merjenleriň ölmeginiň yzy bilen beýleki tebigy ulgamlaryň – Amazon tokaýlarynyň, Grenlandiýanyň we Antarktidanyň buzluklarynyň, şeýle-de Demirgazyk Atlantikada klimaty sazlaýan umman akymlarynyň hem howp astyna düşüp biljekdigini duýdurýar. Bu üýtgemeler planetanyň klimatyny doly üýtgedip biler. Hasabatyň awtorlary klimatyň üýtgemegine garşy göreş boýunça häzirki halkara çäreleriň ýeterlik däldigini belleýär. Olar metanyň we gara uglerodyň zyňyndylaryny azaltmagy, şeýle-de durnukly önümçilik modellerine geçişi çaltlaşdyrmagy we tokaýlary çapmak bilen baglanyşykly harytlardan ýüz öwürmegi teklip edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir