Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Begenç Annaorazow, Aýhan Baýramow, Salyh Annanepesow Google kompaniýasynyň Firebase Studio Championship Central Asia 2025 ýaryşynda 2-nji orny eýelediler. Olar TerraVibe atly taslama bilen çykyş edip, ilkibaşda ilkinji onluga girmegi başardylar. Soňra onlaýn we oflaýn geçirilen finalda Internet arkaly gatnaşyp 2-nji orny eýelediler. Okuwçylar Google tarapyndan ýörite hormat hatlaryna we pul baýraklaryna mynasyp boldular. Ýaryşyň şertleri boýunça toparlar “Firebase Studio + Gemini API” tehnologiýalaryny ulanýan innowasion taslama taýýarlamalydy. Bu diýmek, okuwçylar "Gemini API" - Emeli Aň tehnologiýasyny ulanyp bir mobil goşundyny ýasamalydylar. Türkmen okuwçylary bolsa öz innowasion TerraVibe taslamasyny hödürlediler. TerraVibe taslamasy kamera arkaly surata düşürilen ösümligiň ýagdaýy barada emeli aň (AI) arkaly düşündiriş bermäge we islendik ösümligiň şikes ýeten ýerini ýa-da kemçiliklerini suratyň üsti bilen bilmäge ukyply. Okuwçylar taslamany ýasanlarynda “Kämil Bilim” bilim merkeziniň Erjeller kompýuter bölüminiň mugallymlaryndan maslahat alandyklaryny belläp geçdiler. Ýaryşyň netijesini şu salgydan görüp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir