15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara olimpiada ýurdumyzyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden himiýa dersinden ýokary dereje görkezen 260-a golaý talyp gatnaşýar. Olar şahsy bäsleşik görnüşinde A we B derejede öz aralarynda bäsleşerler. Olimpiadanyň çäginde «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem geçirilýär. Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Sinszýan uniwersitetiniň, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň, Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Halkara Astana uniwersitetiniň, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Ploieşti nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş etdiler. Olimpiada halkara ülňülere laýyklykda, şahsy bäsleşik görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary eminlik edip, daşary ýurtly alymlar synçy hökmünde gatnaşýarlar.