Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Paulu şäherinde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň “SkyRail” atly “asman otlusy” işe girizildi diýip, MyDrivers neşiri habar berýär. Täze ulag ulgamy bir wagtyň özünde 616 ýolagçyny gatnadyp bilýär. Ýakynda San-Paulu metrosynyň 17-nji — Altyn liniýasynyň synag döwri üstünlikli tamamlandy. BYD kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we prezidenti Wan Çuanfu otlynyň işini hut özi ýerinde barlap gördi. Täze liniýanyň umumy uzynlygy takmynan 6,7 kilometre barabardyr. SkyRail BYD-nyň öz “Yun” tehnologiýasy esasynda gurlup, hersi 5 wagondan ybarat bolan 14 sany otly toplumyny öz içine alýar. Şeýle hem otlularda maýyplar üçin aýratyn ýerler göz öňünde tutulypdyr. Resmi açylyş 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Täze liniýanyň günde 100 müň ýolagçyny gatnatmak mümkinçiligi bar. SkyRail şäheriň beýleki iki metro liniýasy bilen birleşdiriler, bu bolsa San-Paulunyň ulag ulgamyny ep-esli gowulandyrar we şäher ilatynyň gatnawyny has amatly eder. BYD Brazil SkyRail-iň tehniki direktory Aleksandr Barbosa bu taslamanyň Braziliýada jemgyýetçilik ulagynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, BYD-nyň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly ekologiýa taýdan arassa şäher ulagyny ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady.