Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän Science kompaniýasy “Mirai Renjian” atly täsin enjamy — awtomatiki tämizleýji we rahatlandyryjy owkalaýjy kapsulany (“adam ýuwujy kirmaşyny”) hödürledi. Täze enjam emeli aň (AI) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Enjamdan peýdalanmak üçin adama diňe kapsulanyň içinde ýatmak ýeterlik. “Kirmaşyn” mikroköpürjikli suw akymyny ulanýar — bary-ýogy 1 millilitr suw 60 milliona golaý ownujak köpürjik döredip, duş geli ulanmagy talap etmezden çuňňur arassalamagy üpjün edýär. Mundan başga-da, kapsula ulanyjynyň pulsy, ýürek urşy ýaly fiziologiki görkeziji maglumatlaryna hakyky wagtda gözegçilik edýän datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam üç dürli iş tertibinde işleýär. Ulanyjylar prosedura wagtynda aýdym diňläp ýa-da wideo görüp bilerler. Gyzykly tarapy, şuňa meňzeş konsepsiýa ilkinji gezek 1970-nji ýylda Osakada geçirilen Bütindünýä sergisinde görkezilipdi, ýöne şol döwürde tehnologiýanyň gymmatlygy we mümkinçiligiň çäklidigi sebäpli ösüş tapmandy. Häzirki wagtda bolsa ýapon inženerleri akylly hojalyk enjamlary pudagynda ep-esli öňe gidişlik gazandylar.