Amerikanyň meşhur Condé Nast Traveler syýahat žurnaly okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişlikde iň halanýan şäherleriň sanawy yglan edildi. Netijelere görä, iri şäherleriň arasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio, kiçi şäherleriň arasynda bolsa Kanadanyň Wiktoriýasy birinji orny eýeledi. Barlaga 750 müňden gowrak adam gatnaşdy. Wankuweriň golaýynda ýerleşýän Wiktoriýa syýahatçylary tebigatda dynç almak mümkinçilikleri, ýokary derejeli spa myhmanhanalary we Swars-Beý aýlagyndan geçýän parom geçelgesi bilen özüne çekýär. Kiçi şäherleriň arasynda ikinji ýeri Meksikadaky deňiz kenarlary we barlary bilen tanalýan Puerto-Walýarta, üçünji ýeri bolsa sungaty, binagärçiligi we medeni mirasy bilen meşhur bolan Florensiýa eýeledi. Şweýsariýanyň Lýusern we Meksikanyň San-Migel-de-Alýende şäherleri hem ilkinji bäşlikde ýerleşdi. Iri şäherleriň arasynda Tokio häzirki zaman gökdirän binalary bilen gadymy ybadathanalary utgaşdyrmagy başarandygy, şeýle hem Mişlen ýyldyzly restoranlaryň dünýäde iň köp jemlenen şäheri hökmünde syýahatçylary haýran galdyrdy. Megapolisleriň sanawynda Ýaponiýanyň beýleki bir şäheri Kýoto ikinji, Günorta Afrikanyň Keýptauny üçünji, Singapur dördünji, Günorta Koreýanyň paýtagty Seul bolsa bäşinji orny eýeledi. Iň gowy 10 kiçi şäher: Wiktoriýa, Kanada Puerto-Walýarta, Meksika Florensiýa, Italiýa Lýusern, Şweýsariýa San-Migel-de-Alýende, Meksika San-Sebastýan, Ispaniýa Golueý, Irlandiýa Palma-de-Malýorka, Ispaniýa Walletta, Malta Hobart, Tasmaniýa (Awstraliýa) Iň gowy 10 uly şäher: Tokio, Ýaponiýa Kýoto, Ýaponiýa Keýptaun, Günorta Afrika Singapur Seul, Günorta Koreýa Pariž, Fransiýa Wankuwer, Kanada Edinburg, Şotlandiýa Monreal, Kanada Pnompen, Kamboja

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir