2090-njy ýyla çenli Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly 137 müň inedördül kilometre golaý täze ýer peýda bolup biler diýip, Günorta-Günbatar uniwersitetiniň alymlary N+1 neşirine beren maglumatynda aýdýarlar. Barlagçylaryň bellemegine görä, bu giň göwrümli üýtgeşmeler dünýäde dowam edýän global maýlama hadysasy we howanyň üýtgemegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertler ýurduň günorta sebitlerinde jemlenendir. Şeýle-de bolsa, geljekde bu ýagdaý üýtgär diýip çaklanylýar. Hususan-da, Szýannan, Szýanbeý we Ýunnan sebitlerinde çaý ösdürip ýetişdirmäge amatly ýerleriň möçberi 17–23% artyp biler. Şeýlelikde, çaý plantasiýalary kem-kemden demirgazyk tarapa süýşer. Alymlar bu ýagdaýyň çaý öndürijiler üçin peýdaly boljakdygyny belleýärler. Ýöne olaryň bellemegine görä, bu ösüşe degişli ýerleriň köpüsi häzirki wagtda tokaý bilen örtülendir. Şonuň üçin alymlar ekoulgamlara zyýan ýetirmezlik üçin, diňe degradasiýa ýol beren tokaýlaryň ýerlerini ulanmagy we ýörite tokaý hem-de suw gorag zolaklaryny döretmegi teklip edýärler. Barlaglaryň netijeleri Plos One žurnalynda çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir