2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň (SCCI) binasynda geçirilen Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Şarja Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurnamagynda hem-de Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň ýardam bermeginde geçirildi. Foruma Türkmenistanyň we BAE-niň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleri gatnaşdy. Mergen Gurdow giriş sözi bilen çykyş edip, ýokary syýasy derejedäki netijeli dialogyň Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösüşine ýardam edýändigi barada belledi. Şarjanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy jenap Abdulla Sultan Al Owaýs BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejedäki gatnaşyklar barada belläp geçdi. Ol emirlikler tarapynyň ýerli işewürlik toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge we sebit bazarlaryndaky ornunyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalaryna ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Forumyň dowamynda BAE-niň Daşary söwda ministrliginiň wekilleri ýurduň maýa goýum ýagdaýyna we onuň bäsdeşlik babatda artykmaçlyklaryna syn berdiler. Türkmen telekeçileri senagat, oba hojalyk, energetika we logistika ýaly pudaklarda milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini görkezýän birnäçe taslamalary hödürlediler. Çäräniň çäklerinde türkmen kärhanalarynyň önümleriniň, şol sanda azyk, dokma önümleriniň we gurluşyk materiallarynyň sergisi guraldy. Forumyň dowamynda iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Şarjanyň senagat önümleriniň hemişelik sergisine baryp gördi. Ol ýerde wekiliýet ýerli kärhanalaryň işi hem-de BAE-niň önümçilik pudagynyň döwrebap ösüş tendensiýalary bilen tanyşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir