10-njy oktýabrda Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen ilçisi Mekan Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Aziza Geleta Dessalegne ilçiniň bu wezipä bellenmegi mynasybetli öz gutlaglaryny beýan etdi hem-de oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi M.Işangulyýew öz gezeginde, Türkmenistanyň we Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.