Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda tutumly işler alnyp barylýar. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň arassalygyna gönükdirilen bu işleriň netijesinde, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň çar künjeginde bagy-bossanlyklar, saýaly we miweli agaçlar bilen gurşalan «tokaý zolaklary» peýda bolýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri bolsa ekologiýa syýasatyna ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir ýaşaýjyda ata watana, ene topraga bolan söýgini buýsanjy döretmekde örän köp wagyz-nesihatlaryny özüniň ajaýyp eserinde beýan edýär ýagny “Tebigaty söýmek, ene topragy söýmek – bu eziz Diýaryňy, mähriban Watanyňy söýmekdir! Watana bolan söýgi biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşydyr!” ýa-da “Tebigata aýawly çemeleşmek geljekki nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladadyr” diýip belleýär. Elebetde ata-babalarmyz hem bag ekmekligi iň sogap işleriň biri hasaplapdyrlar. Türkmen tebigatynyň üýtgeşik jadylaýjy güýji bar. Şol gözellikleriň ýüreginde ýerleşýän, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülen Arkadag şäheri Milli Liderimiziň gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen döreden beýik ýaşaýşyň köşgi-eýwanly täji-tagtydyr. Bu şäher külli türkmeniň kalbyndaky arzuwlarynyň amala aşmasy bolup dünýä ýaýyldy. Arkadag şäheri halkara derejesindäki dünýäniň dürli güwanamalaryn, şahadatnamalaryna eýe boldy, ýakynda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Hançzou Dýanszi uniwersitetiniň tarapyndan gowşurulan Üstünlik güwanamasy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň binägärlik çözgüdi, ekologik derejesi boýunça halkara giňişliginde ukrar edilýändilýändiginiuň nobatdaky güwasydyr. Häzirki wagtda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Türkmenistan ekologiýa ulgamynda halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berýär. Bag nahallarynyň yzygiderli oturdylmagy bilen, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän täze tokaý zolaklarynyň döredilmegi watandaşlarymyzyň buýsanjyny artdyryp, daşary ýurtly myhmanlary hem haýran galdyrýar. Türkmenistan döwletimiziň abadançylygy, aras¬sa¬çy¬ly¬gy, ba¬gy¬-bos¬san-ly¬ga beslenme¬gi ba¬ra¬da ta¬gal¬la ed¬ýän bize şeýle ajaýyp zamanany döredip beren Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan her bir döwletli işleri rowaçlyklara beslensin! Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheri boýunça birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa