IDC amerikan analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýä boýunça kompýuter üpjünçiligi 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,4% artdy we 75,8 million birlige ýetdi. Bu ösüş esasan Windows 11 operasion ulgamyna geçmek üçin köne kompýuterleriň çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde bazaryň ösüş depgini sebitlere görä ep-esli tapawutlandy. Demirgazyk Amerikada bazar ABŞ-nyň import gümrük nyrhlarynyň ýokarlanmagy we makroykdysady näbellilik sebäpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle hem, Windows 11-e laýyk täze kompýuterlere bolan isleg ýokary bolmagynda galýar we bu tendensiýanyň 2026-njy ýyla çenli dowam etjekdigi çak edilýär. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde (Ýaponiýa, Hytaý) bolsa iki sanly ösüş hasaba alyndy. IDC-niň Worldwide Device Trackers bölümçesiniň barlaglar boýunça uly menejeri Maçek Gorniskiň bellemegine görä, isleg esasan Ýaponiýada Windows 10-a goldawyň tamamlanmagy we GIGA bilim taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen artdy. Sebitiň beýleki ýurtlarynda bolsa ösüş ykdysady we syýasy kynçylyklar hem-de Windows 11-iň haýal ornaşdyrylmagy sebäpli ortaça boldy. Şeýde-de bolsa, enjamlary täzelemek üçin mümkinçilikler henizem saklanyp galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir